şabratmak işlik

Seçelendirip goýbermek, seçelendirmek.

  • Şar gara saçlaryny maýdaja örtüp, garagotazyň bagy ýaly şabradyp, ikiýan çekgesinden goýberipdir. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Ýürek gyňajyň seçeklerini şabradyp goýbermek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.

Meselem şabratmak - şabradýar, şabradar, şabradypdyr.

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.