[şa:ýa:t]
Bir wakany gözi bilen gören adam, güwä.
Hawa, men ol ýerde ýeke däldim, meniň ýedi sany şaýadym bar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Men heniz seniň ýagdaýyňy bilemok ahyry, bilmedik ýerimden nähili şaýat bolup bilerin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem şaýat - şaýady.