şaý şaý

  1. Dakynmak üçin metaldan, kümüşden we ş. m. edilen bezeg.

    • Orazgül kömek fonduna ozal özüniň kümüş we gyzyl şaýlaryndan bäş kilony beripdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Watan üçin sarp bolsun Meniň bezegim-şaýym. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

  2. Bir zada degişli ýa-da gerek bolan enjam, esbap, gural, zat.

    • Stoluň üsti eýýäm iýmit şaýlary bilen bezelýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Agaç ussaçylygyna degişli bolan şaýlar.

  3. Maşynyň, mehanizmiň, guralyň we ş. m. goşmaça bölegi, detaly.

    • Gerek boljak zapas şaýlaryň bardygyny aýdyp, hoşlaşyp gaýtdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

şaý tutmak

Bir zada taýýarlyk görmek, bir iş etmek üçin taýýarlanmak, häzirlenmek.

  • Biz gaýtmak üçin şaýymyzy tutýardyk. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • şaýa
  • şaýadam
  • şaýady
  • şaýam
  • şaýda
  • şaýlar
  • şaýlara
  • şaýlarda
  • şaýlardan
  • şaýlary
  • şaýlarydyr
  • şaýlarymy
  • şaýlarymyzy
  • şaýlaryna
  • şaýlarynda
  • şaýlaryndan
  • şaýlaryny
  • şaýlarynyň
  • şaýlaryň
  • şaýly
  • şaýlygy
  • şaýlyk
  • şaýsyz
  • şaýy
  • şaýydyr
  • şaýym
  • şaýyma
  • şaýymy
  • şaýymyz
  • şaýymyzy
  • şaýyn
  • şaýyna
  • şaýyndan
  • şaýyny
  • şaýynyň
  • şaýyň
  • şaýyňy
  • şaýyňyzy