şöhle at

  1. Düşýän ýagtynyň inçe zolaklary.

    • Garyplar gün şöhlesi seýrek düşýän dar we hapa köçejiklede mydar edipdirler. (Orta asyrlar taryhy)

    • Suwdan çykan üzüm hoşasyna Aýyň şöhlesi düşende, üzümler hakyk manjugyňçogdamy ýaly ýylpyldaşýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bir zadyň ýalkymy, bir zadyň öwşüni, yşyk.

    • Onuň gözleriniň şöhlesi birdenkä öçüp gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Göze urýar altyn gupbaň şöhlesi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • şöhlede
  • şöhleden
  • şöhledäki
  • şöhleler
  • şöhlelerde
  • şöhlelerden
  • şöhlelere
  • şöhlelerem
  • şöhleleri
  • şöhlelerinde
  • şöhlelerinden
  • şöhlelerine
  • şöhlelerini
  • şöhleleriniň
  • şöhleleriniňki
  • şöhleleriň
  • şöhleli
  • şöhlelidir
  • şöhlelilik
  • şöhlesi
  • şöhlesi-de
  • şöhlesidir
  • şöhlesin
  • şöhlesinde
  • şöhlesinden
  • şöhlesine
  • şöhlesini
  • şöhlesiniň
  • şöhlesiz
  • şöhlä
  • şöhläni
  • şöhläniň
  • şöhläň
  • şöhläňi
  • şöhläňizden