şänik

Erik, şetdaly, garaly we ş. m. miweleriň dänesi.

  • Kiçijik çagajyklar şänikden gögeren erijik, şerdaly ýa-da başga şunuň ýaly miweli ekin ekýärler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şänik - şänigi.

şänik döwlen ýaly etmek

Bir meseläni çürt-kesik etmek, pert jogap bermek, bir işi başarjaňlyk bilen ýerine ýetirmek.

  • Näçe soragyň bolsa beriber, edil şänik döwlen ýaly ederin. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • şänige
  • şänigi
  • şäniginden
  • şänigine
  • şänigini
  • şäniginiň
  • şänigiň
  • şänikden
  • şänikdir
  • şänikleri
  • şäniklerini
  • şänikleriniň
  • şänikli
  • şäniklileriň