şäht

Keýp, ruhubelentlik.

  • Seniň şähdiňi saýgarmak üçin maňa aýna-da hajat ýok, äýnege-de! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Nurjanyň göwnüne bolmasa, Günüň-de şähdi onuň özüniňki ýaly öçükdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şäht - şähdim, şähdiň.