şägirt

Ussanyň okuwçysy, tälim alýan kömekçisi.

  • Täze kanuny ýüze çykarmagy başarýan şägirt öz halypasynyň taglymatyny hakyky ösdürüp biler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Durdy çopan öz şägirdiniň ýanyna birnäçe ýigitler goşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Şägirt ussatdan ozdurmasa, kär ýiter. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şägirt - şägirdi.


Duş gelýän formalary
  • şägirde
  • şägirdem
  • şägirdi
  • şägirdidi
  • şägirdim
  • şägirdinden
  • şägirdine
  • şägirdini
  • şägirdiniň
  • şägirdiň
  • şägirdiňi
  • şägirtden
  • şägirtdiň
  • şägirtler
  • şägirtlerden
  • şägirtlerdigi
  • şägirtlere
  • şägirtleri
  • şägirtlerinde
  • şägirtlerinden
  • şägirtlerine
  • şägirtlerini
  • şägirtleriniň
  • şägirtleriň
  • şägirtleriňden
  • şägirtlige
  • şägirtligi
  • şägirtligiň
  • şägirtlik
  • şägirtsiz
  • şägirtsiň