ýyrtyk ýyr‧tyk

Ýyrtylyp böleklere bölünen, para-para bolan, deşik emele gelen, ýyrtylan.

  • Ýowarçylar palas, ýyrtyk ýorgan bilen örtülen telär astynda çaý içmäge oturypdylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bir dulda ýyrtyk köne halta diwara söýelgi dur. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Üzügiň ýyrtyklaryndan ýyldyzlaryň ýaldyraşyp görünmekleri birdenkä galdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýyrtyk - ýyrtygy.


Duş gelýän formalary
  • ýyrtyga
  • ýyrtygy
  • ýyrtygym
  • ýyrtygyn
  • ýyrtygyna
  • ýyrtygynam
  • ýyrtygynda
  • ýyrtygyndan
  • ýyrtygyny
  • ýyrtygyny-da
  • ýyrtykdan
  • ýyrtykdy
  • ýyrtyklary
  • ýyrtyklaryndan
  • ýyrtyklaryny
  • ýyrtyklygy
  • ýyrtyklygyna