Belli bir derejede ýylylyk bermek, ýyly hala öwürmek, ýyly etmek.
Sadap peçiň üstünde nan goýup, ýylytmaga durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Wanna serediji aýal oňa narzany ýylydyp berip: -- indi giräýiň -- diýip gaýdypdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Gün jahany ýaňy ýylydyp ugrapdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýylytmak - ýylydýar, ýylydar, ýylydypdyr.