Sowuk däl, ýylysy bar bolan, gyzgyn.
Wepanyň göwnüne bolmasa, bu gan ýaňyja akan gan ýaly, heniz ýylysy hem gitmedik ýaly bolup göründi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Wanýa onuň söweşde gyzyp derlän teniniň ýylysyny duýanda, oglanda çensiz bagtlylyk duýgusy emele geldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýyly suwa el urman, iýerdik gaty tötek. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Onçakly sowuk däl, maýyl.
Tamyň içi ýylydy.
Ýürekde söýgi beslemek, ýürek bilen garamak, rehim etmek.
Ol Häbibä ýyly nazar saldy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)