Ýylgyn agajynyň köp biten ýeri, ýylgynyň köp gögerip oturan ýeri.
Ýylgynlyk meýdanda ýygnanan adamyň sany ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Meniň gapdalymdaky giden gök ýylgynlygyň içinden ullakan bazar ýoly geçýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýylgynlyk - ýylgynlygy.