ýyldyz ýyl‧dyz

  1. Ýönekeý göz bilen görmek mümkin bolan we öz özünden ýagtylanýan asman jisimi.

    • Ýyldyz ýagtysyna towşanyň akja butlary saýgarylýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Aýsyz dury asmanyň ýyldyzlary öz kanunlary boýunça asudalyk bilen balkyldaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gije garaňky bolsa-da, gizlenip gaçýany saýgarmaga köp sanly ýyldyz şöhlesi mümkinlik döredýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Bir zady alamatlandyrýan bäş burç nyşan.

    • Onuň papagynda gyzyl ýyldyz ýaldyrap dur. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýyldyza toýnak salmak

Keýpi kök bolmak, wagty hoş bolmak, mesirgemek.

  • Babaly ýatan ýerinde ýyldyza toýnak salýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýyldyza ugran ýaly bolmak

Işi şowsuz bolmak, edileni ters bolmak, oň bolmazlyk.

  • Arçyn, indi näme etmeli, bu gün biz ýyldyza ugran ýaly bolduk-la! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýyldyzy düşmezlik

Gylyk-häsiýetleri deň gelmezlik, oňuşmazlyk.

  • Biziň gelnimiziň oglumuz bilen ýyldyzy düşüşmändir -- diýip, doga-tumar üçin pul baryny harçladylar. (N. Pomma, Eserler Ýygyndysy)


Duş gelýän formalary
  • ýyldyza
  • ýyldyzam
  • ýyldyzdan
  • ýyldyzlam
  • ýyldyzlar
  • ýyldyzlar-da
  • ýyldyzlara
  • ýyldyzlaram
  • ýyldyzlardan
  • ýyldyzlardyr
  • ýyldyzlary
  • ýyldyzlarydyr
  • ýyldyzlarymdan
  • ýyldyzlaryna
  • ýyldyzlaryndan
  • ýyldyzlaryny
  • ýyldyzlarynyň
  • ýyldyzlarynyňam
  • ýyldyzlaryň
  • ýyldyzlaryňam
  • ýyldyzly
  • ýyldyzy
  • ýyldyzydy
  • ýyldyzydyr
  • ýyldyzym
  • ýyldyzymam
  • ýyldyzymyz
  • ýyldyzymyň
  • ýyldyzymyş
  • ýyldyzyn
  • ýyldyzyna
  • ýyldyzyndan
  • ýyldyzyny
  • ýyldyzynyň
  • ýyldyzyň
  • ýyldyzyňy