ýyldyrym ýyl‧dy‧rym

Atmosfera elektrikleriniň toplanmagyndan howada birden ýüze çykýan ýagtylyk, razrýad.

  • Onuň maňlaýyndaky depeli ýyldyrym ýaly ýalpyldady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Yzly-yzyna çakýan ýyldyrymyň şöhlesiçeri düşýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

ýyldyrym urmak

Ýyldyrym degip, heläkçilige sezewar bolmak.

ýyldyrym ýaly süýnmek

Çakdanaşa çalt gitmek, çalt çapmak, çalt hereket etmek, ylgamak.

  • Ýyldyrym ýaly süýnýän atlaryň toýnaklarynyň güpürdisi giň sährany doldurdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ýyldyryma
  • ýyldyrymdan
  • ýyldyrymlar
  • ýyldyrymlary
  • ýyldyrymlaryň
  • ýyldyrymly
  • ýyldyrymy
  • ýyldyrymyň