Ýylpyldyly öwşün atdyrmak, ýyldyr-ýyldyr etdirmek.
Dişlerini ýyldyrapdyp, ýüzüni göge tutup, uludan-uly demini alýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Pähim edip gör! -- diýip, Mahoşin gyýaja gözlerini ýyldyratdy. (M. Gorkiý, Ene)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýyldyratmak - ýyldyradýar, ýyldyradar, ýyldyradypdyr.