[ýyla:n]
Egrem-bugram bolup suwlup hereket edýän, zäherli, aýaksyz süýreniji.
Ýylan ýaly towlanjyraýan goşa saç, Owsun atýar, şowurdaýar keteni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Ýylan çakan kendirden gorkar. (nakyl)
Ýylanyň daşy ýumşak, içi zäher. (nakyl)
Ýylanyň aýagyny görmersiň, mollanyň -- çöregini. (nakyl)
Düýe öz boýnunyň egrisini bilmän, ýylana egri diýermiş. (nakyl)
Ýylanyň ýigreneni narpyz, ol hem hininiň agzynda gögerer. (nakyl)