ýylak ýy‧lak

Botanika Gumda bitýän çylgam-çylgam baldakly, ýumşak ýaz oty.

  • Ýazky ýylagyň ujy iňňe ýaly gür samany terslin-oňlyn bulaşyp görünýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Birnäçe ýyl mundan öň boldumly ýaz günlerinde şu meýdanyň ýüpek ýaly gyrtyjy, ýylagy dyza çykardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Goýunlaryň halaýan oty ýylak gök haly ýaly bolup ýaýylyp ýatyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýylak - ýylagy.


Duş gelýän formalary
  • ýylagy
  • ýylagyna
  • ýylagyň
  • ýylakdan
  • ýylaklar
  • ýylaklaryň
  • ýylakly