Abat däl, ýykylyp weýran bolan, berbat bolan, ýumrulan.
Şol barmana, ýykyk köpriniň agajyna büdräp, elini ýere diräp galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Biri-biriniň üstüne ýelmenen ýaly depejikler, ýykyk tamjagazlar tiz-tiz göz öňüne gelip geçdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýykyk - ýykygy.