ýykmak ýyk‧mak işlik

  1. Weýran etmek, berbat etmek, ýumurmak.

    • Köne haýatlary ýykyp, dökün hökmünde ýer dökýärler.

  2. Ýeňmek, üstün çykmak (göreşde we ş. m.).

    • Hudaýberdi ýaşdaş oglanlary bilen göreş tutardy, köplenç wagtlarda çykap baýrak alardy. («Pioner» žurnaly)

    • Ejizräk bir ýigit egninden ýapyşanda, ol ony silterläp ýykdy-da, ökje göterdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Höküm sürmeginden mahrum etmek, häkimiýet başyndan agdarmak.

  4. Dik duran halyndan gyşardyp, ýere ýaplamak.

    • Agşamky güýçli ýel bir näçe agaçlary ýykypdyr.

  5. Bir zadyň içine gaçyrmak, bir zadyň içine düşürmek.

    • Men pili bir çuň guýa ýykaryn. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

göwün ýykmak

seret göwün

  • Çopanymyz hem aýalanyň göwnüni hiç ýykmady. («Mydam Taýýar» gazeti)

öýüni ýykmak

seret öý

  • Aý Mämmet baý, sen biziň öýümizi ýykdyň, öýümizi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýykan
  • ýykana
  • ýykanam
  • ýykanda
  • ýykandan
  • ýykandygy
  • ýykandygyna
  • ýykandygyny
  • ýykandyr
  • ýykanlar
  • ýykanlaram
  • ýykanlaryna
  • ýykanlarynda
  • ýykanlaryndan
  • ýykanlaryny
  • ýykanlaryň
  • ýykanlygy
  • ýykanmyş
  • ýykansoň
  • ýykany
  • ýykanyna
  • ýykanyny
  • ýykanyň
  • ýykar
  • ýykara
  • ýykardan
  • ýykardy
  • ýykarlar
  • ýykarsyň
  • ýykaryn
  • ýykaýmaly
  • ýykaýsa
  • ýykaýyn
  • ýykdy
  • ýykdy-da
  • ýykdygyň
  • ýykdyk
  • ýykdylar
  • ýykdym
  • ýykdym-da
  • ýykdyr
  • ýykdyň
  • ýykdyňyz
  • ýykgyn
  • ýykjagyny
  • ýykjak
  • ýykjakdym
  • ýykjaklar
  • ýykjaklaryna
  • ýykma
  • ýykmady
  • ýykmadymmy
  • ýykmadymy
  • ýykmaga
  • ýykmagam
  • ýykmagy
  • ýykmagyndan
  • ýykmagyň
  • ýykmajagyňyzy
  • ýykmajak
  • ýykmak
  • ýykmakda
  • ýykmakdan
  • ýykmaklaram
  • ýykmaklygyň
  • ýykmaklyk
  • ýykmaly
  • ýykmalydygy
  • ýykmalydyr
  • ýykman
  • ýykmandylar
  • ýykmanyma
  • ýykmasam
  • ýykmaz
  • ýykmazdan
  • ýykmazlyk
  • ýykmazyndan
  • ýykmaýan
  • ýykmaýyn
  • ýykmaň
  • ýyksa
  • ýyksak
  • ýyksalar
  • ýyksam
  • ýyksaň
  • ýyksyn
  • ýykybam
  • ýykyp
  • ýykypdy
  • ýykypdylar
  • ýykypdyr
  • ýykypdyr-da
  • ýykypdyrlar
  • ýykyň
  • ýykýan
  • ýykýandygy
  • ýykýandyklaryny
  • ýykýanlaryň
  • ýykýanyň
  • ýykýança
  • ýykýar
  • ýykýardylar
  • ýykýarlar