[ýyka:n-ýumra:n]
Wes-weýran etmek, derbi-dagyn etmek, agdar-düňder etmek, ýykyşdyrmak.
Onsoň gyzlaryň hemmesi döwüň öýüni ýykan-ýumran edip, gaçyp gidýärler. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Weýran bolmak, derbi-dagyn bolmak, agdar-düňder bolmak, ýykylmak.
Ol ýykan-ýumran bolan, ýöremegi kyn köçe bilen barýarka, öz maşgalalary hem ýadyna düşdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)