Ýygrylyp emele gelen epin, gasyn.
Aýnur ýaňaklary ýygyrt basan dolmuş aýal bolupdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Onuň ýygyrt atan maňlaýy 70-den agandygyny aňladýardy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Köýnegiň ýygyrtlaryny ütükleseň bolmaýarmy?!
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýygyrt - ýygyrdy.