Kiçiräk üýşmeleň, kiçiräk ýygnanyşyk.
Olaryň gapysynda bir ýygynçak bar, toý edýärlermikä?
Belli bir maksat üçin düzülýän az sanly nöker, topalaň.
Ol bir-ä, ýurda gaýdyp gelmez bir-de, özbaşyna ýygynçak düzmez. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men näme üçin çete çykyp, özüm ýalylardan ýygynçak döretmedim. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýygynçak - ýygynçagy.