ýuwdunmak

Ýuwutmak duýgusy bilen bokurdak muskullaryny hereketlendirmek.

  • Aýsoltan mertlik bilen ýuwdundy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ýolagçylaryň kentlewükleriniň arasynda ýuwdunmaga tüýkülik galmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol demini dürsäp bilmän ýuwdundy, sakyndy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýüpekçilik barada gürrüň edenimde raýkomyň býurosynda ýuwdunyp durmaýyn. (N. Pomma, Egri eýikmez)

  • Annatagan gazabyny daşary çykarmazlyga çalyşyp, kynlyk bilen ýuwdundy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)