ýuwdarha

[ýuwdarha:]

Her bir zady ýuwudyp bilýän mifiki ýylan; doýmaz-dolmaz, açgöz.

  • Ol hajymelik ýuwdarhanyň geregi-de şoldy. (N. B. Gogol, Eserler)

  • Işikleri seslenip açylýardy we gapysynyň agzyndan gaýmalaşyp ýören adamlary ýuwdarhanyň agzy ýaly bolup ýuwudýardy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  • Aga, bizi şu obanyň äjit-mäjitleriniň elinden gutaryň, ol ýuwdarhalaryňyz biziň süňňümizi gemirdi -- diýerdim. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)