Ýeňillik bilen gysylýan, basylýan, çeýe, maýyşgak, süýngüç, gaty bolmadyk.
Ýumşak oturgyçda oturyp, aýnaň üstaşyry giň meýdana parhsyz garaýan Akmaýa öz aladasy bilen meşguldy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Ynha seret, tirsegiňe söýget berýän ýumşak ýassyklary hem bar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Çagalar ýumşak düşekleriň üstünde ýatyrdylar. («Pioner» žurnaly)
Çaýberdi, nahar berdi, Saldyrdy ýumşak düşek. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Ýakymly, mylaýym, ýuwaş.
Ol örän ýumşak adamdy.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýumşak - ýumşagy.