Biriniň hojalyk işine kömek bermek maksady bilen köpçülik bolup meýletin ýerine ýetirilýän iş (köplenç bir günlük).
Ýowara ýygnanan daýhan örän kändi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Komsomollar ýowar edip, oňa täze ýurtdan jaýjagaz salyp beripdirler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ol haýsy bir işiň gyrasyndan barsa, edil ýowara baran ýaly, işiň aman-zamanyny bermezdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gezelenç bag ýerini bejermek, obaň köçelerini hem ýaplaryny bejermek işlerine biz gün sarp edemizok, olary kolhozçylar işlerinden soň, ýowar şekilinde işläp bejerýärler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)