Könelişen söz Duşman, ýagy.
Ýurduň daşyn hem için, Ýowdan goramak üçin, Saklapdyr köp goşuny. (A. S. Puşkin, Ertekiler)
Arkalaşan ýow gaýtar. (nakyl)
Ýow gaýtsa, agsak ozar. (nakyl)
Uruş, söweş, jeň.
Gitleriň ýakan ýow ody ýanmadyk dek öçdi. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Ýow güni atyň gazykda daňylgy galmagyny örän erbetligiň nyşanasy hökmünde görýärdiler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem ýow - ýowum, ýowuň.