Botanika Mal iýmiti üçin ekilýän näzik baldakly, kiçijik ýaprakly, mawy gülli ösümlik, ot.
Ýorunja ekmäge hem güýzlük bugdaý ekmäge taýýarlanmaly. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Gül açypdyr gowaçalar, Ýorunja geçipdir dyzdan. (Çary Aşyr, Poemalar)
Ýorunja biziň arryk düşen ýerlerimizi mes edýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Eken 30 gektar ýorunjasy häzir bir kemsiz ýetişip, mawy gül bolup otyr. («Tokmak» žurnaly)