Ylgap gitmek, ýüwürmek, çalt ýöremek.
Maşyn bolsa çölden ýortup barýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Arap at meýdanda ýortar, Goç ýigidiň rysky artar. («Görogly» eposy)
Ol iki ýan ýortup gezdi. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Köp ýortan bir taýar. (nakyl)
Ýortan ozar, ýatan tozar. (nakyl)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem ýortmak - ýortdum, ýortduň, ýortupdyr.