Ýatylanda üstüňe örtmek üçin arasyna pamyk, ýüň, ýelek salnyp tikilen körpe, örtük.
Nepis nagyşly Mary sandygynyň üstüne münder-münder edilip ýorganlar, per ýassyklar galdyrylypdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bolýar, oglum! -- diýeninden soň, Annaguly ýorganyna girip uklady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Pökgen heniz gutulyp ýorgandan çykmanka, Hojam aga hem geldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)