ýomak ýo‧mak at

Ýiti sözli degişme, ýiti sözli aýdyşyk, şorta söz.

  • Her kimiň gürrüňini diňlemegi, gerek bolan replikany ýa-da ýomagy öz wagtynda aýtmagy başarýardy. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Aýdym aýtdyk, tans etdik, ýomak atyşdyk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýomak - ýomagy.


Duş gelýän formalary
  • ýomaklar
  • ýomaklarda
  • ýomaklary
  • ýomaklaryň
  • ýomaklaryňyzy
  • ýomakly