ýolunmak ýo‧lun‧mak işlik

  1. Sogrulyp ýa-da üzülip aýrylmak, alynmak.

    • Ýeri, bäş sany gülüň ýolnanda näme bolupdyr? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Çekilip, dartylyp üzülmek, gyrylmak.

    • Gylboýun hem dostlarynyň ölenine gynanyp, içini çekip, başyny ýaýkapdyr weli, boýny ýolnup gidipdir. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  3. Ütülen bolmak, ütülmek.

  4. Arasy kesilmek, bölünmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ýolunmak - ýolnar, ýolnupdyr.


Duş gelýän formalary
  • ýolnan
  • ýolnanda
  • ýolnanyna
  • ýolnup
  • ýolundy
  • ýolunjagy
  • ýolunma
  • ýolunmagy
  • ýolunmagydyr
  • ýolunmagyna
  • ýolunmagyndan
  • ýolunmak
  • ýolunmaýan
  • ýolunsa
  • ýolunýan
  • ýolunýar
  • ýolunýarlar