Duçar bolmak, sataşmak, duşmak, uçramak.
Bilmeýän sen muňa nireden ýolukdyň? (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Kelläňe gaýsar diýen bir dert ýolugypdyr. («Görogly» eposy)
Myhmanlar: -- Bu öýe ýaman zat ýolugypdyr, biz bäri basym gaýdaly -- diýenler. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýolukmak - ýolugýar, ýolugar, ýolugypdyr.