ýoluşdyrmak ýo‧luş‧dyr‧mak işlik

  1. Köp ýolmak, ep-esli ýolmak, ýolup çykmak, ýolup gutarmak, üzüşdirmek.

    • Faşist başyn garpyz dek, Ýoluşdyryp taşlapsyň. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)

    • Bişmedik almalary ýoluşdyrmak.

  2. Ýolum-ýolum etmek, üzüşdirmek, gyryşdyrmak.

    • Ýüpi ýoluşdyrmak.

  3. Ütüp çykmak, ütüşdirmek.

    • Tilki haýdan-haý garganyň ýelegini ýoluşdyryp başlaýar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

    • Sakgalyny ýoluşdyryp gyzyletene edeýin -- diýip, çynlakaýlyk bilen aýtdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • ýoluşdyrmak
  • ýoluşdyryp