ýolmak ýol‧mak işlik

  1. Bir zady sogrup ýa-da üzüp aýyrmak, almak.

    • Aýsoltan öz göwsüne galtaşyp duran gowaçanyň bir ýapragyny ýoldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Emaý bilen ýolnan üzümler ýaşçiklere gaplanýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Çekip, dartyp üzmek, gyrmak.

    • Ýüpi ýolmak.

  3. Ütmek.

    • Men olaryň tutan guşunyň guýrugyny bir eýýäm ýolup goýberipdim. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Deriniň ýüňüni ýolmak.

  4. Arasyny kesmek, bölmek.

    • Olar demir ýoly ýolmagyň tärini tapmadylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Okalyp duran leksiýany ýoldy-da, sorag bermäge başlady.

  5. Göçme manyda Aldap almak, ýonmak.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ýolmak - ýoldum, ýolduň, ýolupdyr.

köküni ýolmak

seret kök 1

  • Dowulçy, gorkaklaň köküni ýoldy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýolam
  • ýolamok
  • ýolan
  • ýolanda
  • ýolandygyny
  • ýolar
  • ýolary
  • ýolaýjak
  • ýolaýyn
  • ýoldugy
  • ýoldugyndan
  • ýoldugyny
  • ýoldur
  • ýolduňmy
  • ýoldy
  • ýoldy-da
  • ýoljakdy
  • ýollary
  • ýollarydyr
  • ýollarym
  • ýollarymdan
  • ýollarymy
  • ýollarymyz
  • ýollarynda
  • ýollaryndan
  • ýollaryndandyr
  • ýollaryny
  • ýollarynyň
  • ýollaryň
  • ýollaryňy
  • ýolluk
  • ýolma
  • ýolmaga
  • ýolmagam
  • ýolmagyň
  • ýolmak
  • ýolmakdyr
  • ýolmalyň
  • ýolmamak
  • ýolmany
  • ýolsam
  • ýolsana
  • ýolsaň
  • ýolsaňyz
  • ýolup
  • ýolupdyr
  • ýolupdyrlar
  • ýolupdyryn
  • ýoluň
  • ýolýan
  • ýolýany
  • ýolýar
  • ýolýarlar