ýollamak ýol‧la‧mak işlik

[ýo:llamak]

Birini ýa-da bir zady bir ýere ibermek, ugratmak.

  • Pökgeni tutup, Sibire ýollamak üçin pristaw nökerlerini iberipdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Doganyň ýollapdy saňa bir sowgat. (T. Esenowa, Güller)

  • Owal başda salamym saňa ýollaýan gülüm. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Obadan hem hat ýollapdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Agyr durmuş ony eklenç gözleginiň agyr syýahatlaryna ýollapdyr. («Edebiýat»)


Duş gelýän formalary
  • ýollady
  • ýolladygydyr
  • ýolladyk
  • ýolladylar
  • ýolladym
  • ýolladyň
  • ýollam
  • ýollamaga
  • ýollamagy
  • ýollamagyna
  • ýollamagyny
  • ýollamagynyň
  • ýollamagyňyzy
  • ýollamajagyma
  • ýollamak
  • ýollamaklyk
  • ýollamakçy
  • ýollamalary
  • ýollamaly
  • ýollaman
  • ýollamanyň
  • ýollamasy
  • ýollan
  • ýollanam
  • ýollandygyny
  • ýollansoň
  • ýollanyndan
  • ýollanynyň
  • ýollanyň
  • ýollap
  • ýollapdy
  • ýollapdym
  • ýollapdyr
  • ýollapdyrlar
  • ýollar
  • ýollara
  • ýollarda
  • ýollardan
  • ýollardy
  • ýollardyr
  • ýollary
  • ýollaryma
  • ýollarymdan
  • ýollarymy
  • ýollarymyza
  • ýollaryn
  • ýollaryna
  • ýollaryndan
  • ýollaryny
  • ýollarys
  • ýollaryňy
  • ýollaýan
  • ýollaýandygyny
  • ýollaýar
  • ýollaýardy
  • ýollaýarlar
  • ýollaýarys
  • ýollaýsa
  • ýollaň