[ýo:lagçylyk]
Ýolagçynyň ýagdaýy, ýolagçy bolmaklyk.
Ýolagçylyk adaty boýunça içmeklerimize çolanyp gyşaryşdyk. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Meni ýolagçylyga iberipmidiň? («Görogly» eposy)
Bu uzak ýolagçylyk oglanlary biri-birine has ýakynlaşdyrýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýolagçylyk - ýolagçylygy.