Erbet, ýaman täsir edýän.
Agyr degmek, erbet täsir etmek.
Onuň meni goýup gitmegi maňa ýokuş degdi. Artygyň soňky sözi Aşyra ýokuş degdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Agronomyň degişmesi oňa häzir gaty ýokuş degdi. («Kolhoz günleri»)
Bu ýagdaý oňa birneme ýokuş degdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Göwnüň galmak, gaty görmek.
Bir tarapdan, ejem bilen kakam bar, onsoň aýrylyşypdyr adyna eýe bolmagy men gaty ýokuş görýän. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
A gyz, beý diýsem, sen berin bir ýokuş göreýmegin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Bir zady edesiň gelmän, kyn görmek, agyr hasaplamak.
Buýrulan ýumşy ýokuş görmek. Iş etmegi ýokuş görýän adam ýok.
seret söz
Çernyşow ajy, ýokuş sözlerden hem çekinmän, Aşgabat oblsowetini wejera tankyt etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)