ýokary ýo‧ka‧ry

  1. Ýerden asmana tarap bolan ugur, beýiklik, asman.

    • Ejem bu günki howanyň ýagdaýyny bilmek üçin ýokary seretdi.

  2. Aşakdan ýokarlygyna, belent.

    • Ol özüniň döwük äýnegini ýokary galdyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Ýokary galdyrdy-da, ýene oturgyja hylçyldadyp goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Artyk, köp, zyýat.

    • Şondan ýokary bir şaýy hem berip biljek däl. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  4. Gowy, artyk, göreldeli.

    • Özüňden aşagy gör-de, şükür et, özüňden ýokaryny gör-de, pikir et. (nakyl)

  5. Gymmatly, belent, möhüm.

    • Mollanepes şu dünýä ýaşaýşyny hemme zatdan ýokary tutýar. («Edebiýat»)

  6. Aňry tarapa, öň tarapa, ýokaryk.

    • Sagadyň dili barha ýokary süýşýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Begenç melemtil jalbaryny çyzgap, dyzyndan ýokary geçiripdir. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  7. Günüň dogýan tarapy, gündogar.

    • Ýokary tarapa hereket etmek.

  8. Belent äheňli, inçe (ses hakda).

    • Ýokary (äheňli) aýdymlardan aýtmak.

  9. Güýçli, batly.

    • Ýokary depgin bilen artýar sanymyz. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  10. Öz ähmiýeti boýunça görnükli, hormatly, uly.

    • Ol baýak Elliniň agasy meni ýokary işe çekjek boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ýokary sylag.

  11. Iň oňat, iň gowy.

    • Ýokary sortly haryt.

  12. «Ýolbaşçylyk edýän, baş» diýen ýaly many aňladyp, edara atlaryna goşulyp ulanylýan söz.

  13. Magaryf sistemasyndaky basgançak, dereje hakda: jemleýji, tamamlaýjy.

    • Ýokary bilim alyp çykmagy ozal bir wagt wadalaşypdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Uly ogly bolsa ýokary mekdepleriň birini gutaryp barýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  14. Öýüň töri, tör.

    • Ýokary geçip oturjak däl -- diýip, iç işikde aýak üstünde oturdy-da, aman-esenlik soraşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  15. Kömekçi söz rolunda:

    • Samolýot dagyň ýokarsynda uçýardy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna *d, k, r, s* sesleri bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, soňundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem ýokary - ýokarda, ýokarrak, ýokarsy, ýokarlarynda.

ýokary göteriliş

Möwç alyş, ýaýbaňlanyş, ösüş.

ýüzüňi ýokary tutmak

seret ýüz

  • Näme beýle ýüzüňi ýokary tutup, görmedik bolup barýarsyň? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • ýokarda
  • ýokardady
  • ýokardadygy
  • ýokardadygyny
  • ýokardadyr
  • ýokardaky
  • ýokardakylar
  • ýokardakylara
  • ýokardakylardan
  • ýokardakylary
  • ýokardakylaryň
  • ýokardan
  • ýokarlar
  • ýokarlara
  • ýokarlarda
  • ýokarlardan
  • ýokarlary
  • ýokarlaryna
  • ýokarlaryny
  • ýokarsy
  • ýokarsyna
  • ýokarsynda
  • ýokarsyndaky
  • ýokarsyndakylar
  • ýokarsyndan
  • ýokarsyndanam
  • ýokarsyny
  • ýokarsynyň
  • ýokary-da
  • ýokarydy
  • ýokarydygy
  • ýokarydygyna
  • ýokarydygyndan
  • ýokarydygyny
  • ýokarydyr
  • ýokarydyrlar
  • ýokaryly
  • ýokarylygy
  • ýokarylygydyr
  • ýokarylygyna
  • ýokarylygynda
  • ýokarylygyndan
  • ýokarylygyndandy
  • ýokarylygyny
  • ýokarylyk
  • ýokaryma
  • ýokarymda
  • ýokarymdaky
  • ýokarymyş
  • ýokaryny
  • ýokarynyň
  • ýokaryň
  • ýokaryňa