ýogyn ýo‧gyn sypat

[ýogy:n]

  1. Diametri hem-de ini uly bolan, inçe bolmadyk.

    • Bahar bir gapdaldaky erik agajynyň ýogyn sütünine gözlerini dikdi we dymdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ol ýogyndan gara saçlaryny hem ýeňsesinde ýeke örüp saklapdyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Etli-ganly, semiz, çişik.

  3. Pes, has ýognas (ses hakda).

    • Halnazar ýogyn, garyljyk ses bilen hemle urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Sygyrlar ýogyn ses bilen howany ýaňlandyryp molaýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

ýogyn çekimli

Grammatik termin seret çekimli


Duş gelýän formalary
  • ýogyndan
  • ýogyndy
  • ýogynlaryny
  • ýogynly
  • ýogynlygy
  • ýogynlygydyr
  • ýogynlygyna
  • ýogynlygynda
  • ýogynlygyndan
  • ýogynlygyny
  • ýogynlygynyň
  • ýogynlyk
  • ýogynlykda
  • ýogynlykdadyr
  • ýogynlykdan
  • ýogynrak
  • ýogyny
  • ýogynyň