ýognas ýog‧nas sypat

  1. Birneme ýogyn, ýogynrak.

  2. Birneme semiz, çişik, semizräk.

    • Ol soldatlaryň biri uzyn ýognasdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  3. Ýogynrak çykýan, pes äheňde ýaňlanýan (ses hakda).

    • Gelinlik gyzyň roluny oýnaýan örän deşli ýigidiň sesi gyz sesinden has ýognasdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Onuň sesi hem başga -- pessaý, ýognas we owazly. (M. Gorkiý, Ene)


Duş gelýän formalary
  • ýognasdan
  • ýognasdy
  • ýognaslygy
  • ýognaslygyndan
  • ýognasrak