[ýo:galmak]
Ýok bolup gitmek, ýok bolmak, ýitirim bolmak; ýitmek.
Wizantiýa imperiýasynda-da gul eýeçilikli gurluş kem-kemden ýogalyp ugrapdyr. (Orta asyrlar taryhy)
Göçme manyda Aradan çykmak, wepat bolmak, ölmek.
Aşyryň gelniniň ýogalanyny mälim etmeli boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň üç ogly goşundady. Şolaryň biri eýýäm uruşda ýogalypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)