Zaýalanmak, haraplanmak, bozulmak, üýtgemek.
Nädogry beýan edilmek, galplaşdyrylmak.
Ilki başlarda geçmiş wakalar hakyndaky gürrüňler, ýoýlan, erteki görnüşinde berlipdir. (Gadymy dünýä taryhy)
Taryhy temany işleýän eserlerde geçmişiň ýoýulmagyna, onuň erbet taraplarynyň ýitigsi görkezilmegine ýol bermek bolmaz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Aradan çykmak, aýrylmak, ölmek (çaga hakda).
Täze bolan çagajyk ýoýlupdyr.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem ýoýulmak - ýoýlar, ýoýlupdyr.