Bir zady ýogaltmak, gaçyrmak.
Çakgymy ýitirdim.
Zyýan çekmek, zelel görmek.
Sen bütin bir ýylyňy ýitirdiň. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Müsüriň faraonlary özleriniň Siriýadaky mülklerini ýitiripdirler. (Gadymy dünýä taryhy)
Güýjüňi ýoklamak, ölüm-ýitime sezewar bolmak.
Iňlisler şol söweşe goşulan güýçleriniň segsen prosentini ýitirdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Şol söweşde artyk birnäçe nökerini ýitirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Iliň hormatlamagyndan mahrum bolmak, biabraý bolmak, hormatyňy gaçyrmak.
seret adamçylyk
Adamçylygyny ýitirip, ýyrtyjylyk üçin ýallanýan bir topar aňmaz itler! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret aň
seret el
Synçy geljek -- diýeninden özini tutup bilmän, elini-aýagyny ýitirip başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
seret iş
Iş ukybyny ýitiren garrylara uly kömek berilýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Küşt oýnunda malyňy mugt aldyrmak, malyňy gidermek.
Şeýleliklede ol oýnuň ahyrynda ýalňyşlyk goýberip, bir malyny ýitirdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
seret öz
Aýsoltana näme jogap berjegini bilmän, özüni ýitirmek bilen, piliniň sapyny sypamagyny dowam etdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Türkmen telpegine gözi düşen duşmanlar olardan sustlary basylyp, özlerini ýitirýämişler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret tapmak
Ýitirip tapan ýaly onuň bilen içgin-içgin elleşip, saglyk-amanlyk soraşdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)