ýitirim ýi‧ti‧rim

ýitirim bolmak

Gürüm-jürüm bolmak, zym uçan ýaly ýitip gitmek, güm bolmak, ýok bolup gitmek.

  • Ýa men hem Aşyr ýaly şolaryň elinden ýitirim bolaryn, ýa-da olaryň aşyna zäher gataryn! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Onda ol eýýäm nirä ýitirim bolduka? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Hany bu myrat nirä ýitirim boldy? -- diýip, garly sorady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

ýitirim etmek

Gürüm-jürüm etmek, güm etmek, ýok etmek.

  • Şonuň üçin hem olar Zöhräni özleriniň bähbitlerini goraýan garaçomaga bermegi, Tahyry bolsa ýitirim edip, ýurtdan çykarmagy makul hasaplaýarlar. («Edebiýat»)

  • Muny ýaş wagtynda öldürip, ýitirim etmeli. («Görogly» eposy)