ýitilik ýi‧ti‧lik

  1. Kütek dällik, kesgirlik, ötgürlik.

    • Bu päkiniň ýitiligi edil ýalaw ýaly.

  2. Gyzgyn howurlylyk, howry güýçlülik, ýakyp baryjylyk.

    • Günüň howrunyň, ýitiligi zerarly pazyllaryň ýüzi solupdyr.

  3. Has güýçli yşyk berijilik, has ýiti yşyklylyk.

    • Çyranyň ýitiligi gözleriňi gamaşdyrýardy.

  4. Düşünjesi artyklyk, düşbülik, zehinlilik, dykgatlylyk.

    • Pökgeniň daş görnüşine seredeňde beýle bir ýitilik çykmajak ýaly görünýär, emma ol gaty ýiti ýatkeşdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  5. Güýçli täsir edijilik, ötgürlik (tagam, ys we ş. m. hakda).

  6. Dartgynlylyk dartgynlylygyň çylşyrymlylygy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýitilik - ýitiligi.


Duş gelýän formalary
  • ýitilige
  • ýitiligi
  • ýitiligi-de
  • ýitiligidi
  • ýitiligidir
  • ýitiliginde
  • ýitiliginden
  • ýitiligine
  • ýitiligini
  • ýitiliginiň
  • ýitiligiň
  • ýitilikde
  • ýitilikleri
  • ýitiliklerini