Kütek däl, kesgir, ötgür.
Şu gürrüňleriň içinde hem ýyldam at, ýiti gylyç, ötgür pyçak suratlandyrylyýar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Ýakyp barýan, güýçli täsir edýän, gyzgyn.
Günüň ýiti şöhlesi onuň gapyrgalary sana bermeli arryk endamyny ýalpyldatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gün özüniň ýiti şöhlesini seçýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýaldyrap duran, has güýçli yşyk berýän içiňden geçip barýan.
Asmanyň ýiti ýyldyzlary kemkemden ölügsilenip, gündogardan göterilen daň şapagy dünýä ýüzüne çalymtyk çäkmen bolup çaýyldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Güýçli depgin bilen alnyp barylýan, güýçli, gyzgalaňly.
Örän zehinli, akyllylygy bilen tapawutlanýan, düşbi, dykgatly.
Şunuň zehininiň kütekdigini, ýitidigini, akyllydygyny, akmakdygyny bileýin. («Görogly» eposy)
Päk niýeti, ýiti zehini bardy, Mydam harby işe gyzyklanýardy. (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik)
Örän güýçli täsir edýän, ötýän, ötgür.
Ene begenip ýanyna bardy-da, onuň ullakan gara elini gysdy we garaýagyň ýiti ysyny demine çekdi. (M. Gorkiý, Ene)
Gowy görýän, göreji güýçli, görgür.
Soň Jeren algyr ýiti gözini doganyna dikdi-de: -- Şeýlemi, Durdymyrat? -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Seniň gözüň hem meniňkiden ýiti däldir. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Geljegi öňünden bilýän duýgur, hüşgär.
Ýoldaşlar! Halkara ýagdaýynyň agyrlaşmagy biziň ýiti gözli bolmagymyzy talap edýär. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Siňe seretmek, dikanlap seretmek.
Maňa ýiti seredip, Bir zat diýýärler gülşüp. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
seret söz
Dürtüldi ýüregne bu ýiti sözler, maňlaýna der geldi, alardy gözler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)