ýigit ýi‧git

  1. Ýigitlik çagyna ýeten, jahyl çykan, öýlenmedik oglan, ýetginjek, ýigdekçe.

    • Begenç sözleşmäge, degişmäge çekinmeýän, wäşi, şowhun bir ýigitdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ýaş ýigit aýak çekdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ýigit gyzyň bütin hereketlerini gözünden geçirýärdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Görülmedik şadyýanlyk kolhozda, ýigitde, garryda, gelinde, gyzda. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Ýigide müň dürli hünär hem azdyr. (nakyl)

    • Ýigidiň güler ýüzi bolsun. (nakyl)

    • Ýigidi dostundan tana. (nakyl)

    • Ýigit göre batyr, at çapa ýüwrük. (nakyl)

  2. Ýigdekçelere, ýetginjeklere ýüz tutulyp aýdylýan söz.

    • Geliş niredendir, ýagşy ýigit? (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýigit - ýigidi.

ýigit ýetmek

Ýigit çykmak, çagalykdan saýlanmak, kämillik ýaşyna ýetmek (oglan hakda).

  • Goç ýigit-batyr, edermen ýigit, gerçek ýigit, gaýratly ýigit.

  • Ýarag alyp goç ýigit, Watan üçin saýlanýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýigide
  • ýigidem
  • ýigidi
  • ýigidi-de
  • ýigididi
  • ýigidim
  • ýigidimi
  • ýigidimiz
  • ýigidimizem
  • ýigidimiziň
  • ýigidimiň
  • ýigidin
  • ýigidinden
  • ýigidine
  • ýigidini
  • ýigidiniň
  • ýigidiniňem
  • ýigidiň
  • ýigidiňe
  • ýigidiňem
  • ýigidiňi
  • ýigidiňiziň
  • ýigidiňki
  • ýigit-de
  • ýigitde
  • ýigitden
  • ýigitdenem
  • ýigitdi
  • ýigitdigine
  • ýigitdigini
  • ýigitdim
  • ýigitdir
  • ýigitler
  • ýigitler-de
  • ýigitlerde
  • ýigitlerden
  • ýigitlerdendi
  • ýigitlerdenmikä
  • ýigitlerdi
  • ýigitlerdir
  • ýigitlere
  • ýigitlerem
  • ýigitleri
  • ýigitleridi
  • ýigitleridir
  • ýigitlerim
  • ýigitlerimden
  • ýigitlerimi
  • ýigitlerimiz
  • ýigitlerimize
  • ýigitlerimizi
  • ýigitlerimiziň
  • ýigitlerinden
  • ýigitlerine
  • ýigitlerini
  • ýigitleriniň
  • ýigitleriniňem
  • ýigitleriň
  • ýigitleriňdenem
  • ýigitleriňe
  • ýigitleriňem
  • ýigitli
  • ýigitlige
  • ýigitligi
  • ýigitligiň
  • ýigitlik
  • ýigitlikde
  • ýigitlikden
  • ýigitlilik
  • ýigitmi
  • ýigitsiz
  • ýigitsiň