ýetmezçilik ýet‧mez‧çi‧lik

  1. Bir zatda bolan nädogrulyk, kemçilik.

    • Ol esasy ýetmezçiligi agtardy. («Kolhoz günleri»)

  2. seret ýetmezlik 3

    • Özüňe mälim, hemişe Arkaçda däne ýetmezçiligi bolup durýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Mineral dökünimiz ýeterm bolsa hem, ders dökünimiz ýetmezçilik eder. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýetmezçilik - ýetmezçiligi.


Duş gelýän formalary
  • ýetmezçilige
  • ýetmezçiligi
  • ýetmezçiligidir
  • ýetmezçiligin
  • ýetmezçiliginde
  • ýetmezçiliginden
  • ýetmezçiligine
  • ýetmezçiligini
  • ýetmezçiliginiň
  • ýetmezçiligiň
  • ýetmezçiligiňden
  • ýetmezçilikde
  • ýetmezçilikden
  • ýetmezçilikdir
  • ýetmezçilikler
  • ýetmezçiliklerden
  • ýetmezçiliklerdir
  • ýetmezçiliklere
  • ýetmezçiliklerem
  • ýetmezçilikleri
  • ýetmezçilikleri-de
  • ýetmezçiliklerimiz
  • ýetmezçiliklerine
  • ýetmezçiliklerini
  • ýetmezçilikleriniň
  • ýetmezçilikleriň
  • ýetmezçilikleriňem
  • ýetmezçilikleriňiz
  • ýetmezçilikli
  • ýetmezçiliksiz