[ýeti:m]
Ejesi ýa kakasy bolmadyk; ata-enesiz.
Biz iki dost ýetim galyp ýaşlykdan, Köp horlandyk ýaşlygmyzda açlykdan. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Menem ýetim, senem ýetim, iki ýetim bolup ykbalymyzy özümiz çözeli. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Atasyz oglan -- ýetim, enesiz oglan -- ýesir. (nakyl)
Ýetim oglan öz göbegini özi keser. (nakyl)
Ýetim gözi çemçede, odunçyňky -- omçada. (nakyl)