Hemme işde başarjaňlyk bilen ýetişýän, çalasyn.
Ýetişikli sanitarlar eýýäm ýetişip, ýaralananlary ýygnan bolmaga çemeli. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Gurbanlyň özi gaty ýetişikli, her bir işe ýetişýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Göçme manyda Goşulmasyz işine goşulyp ýören, her bir zada garyşyp, goşulyp ýören.
Äl, onuň ýetişiklidigini, eýýäm size-de bardymy?